Bu web-saýtyň howpsuzlygy hähili?

Bu web-saýty oňaranymyzda bize habar ýetirýän hukuk goraýjylaryň şahsy maglumatlaryny goramak üçin, web-saýtyň umumy hopwsuzlygyny we oňa girýän müşderileriň gizlinligini üpjün etmek üçin ähli çäreleri gördük. Bu goranyň çäreleri san howpsuzlygy ugrundaky hünärmenler tarapyndan oňarlyp barlanylandygyna garamazdan adam hukuklarynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar bar ýurtlarda ýaşap bize habar ugradýan adamlar üçin belli bir töwekgellik bardyr.

 

Biziň howpsuzlyk kepilligimiz

Biziň gören howpsuzlyk çärelerimizi aýdyşdyryp bilemizok, ýöne biz:

  • habarlaryň diňe ony uzadan adamyň rugsady bilen ýaýradyljakdygyny we, degişli görkezmäniň berlen ýagdaýynda, habarlaryň hemişe anonim ýaýradyljakdygyny;
  • web-saýtda girýän müşderileriň ýa-da bize habarlary ugradýan adamlaryň şahsyýetini anyklaýan hiç-hili şahsy maglumatlaryň (şol sanda elektron poçtasynyň belgisiniň we IP-salgysynyň) saklanmajakdygyny kepillendirýäris.
  • Web-saýta girýän we web-saýtdan ugradylýan habarlaryň ählisi howpsuzlyk birleşdirmeleriň protokolynyň (web-serweriň we brauzeriň arasyndaky kodirlenen aragatnaşygy saklamak üçin howpsuzlygyň standart tilsimatynyň) üsti bilen şifrlenýar. Biziň sertifikatymyz bilen tanyşdyrmak üçin salgy setiriniň sag gapdalyndaky gulp belgisine basyň.
  • Bu web-saýty döredijiler müşderilerimiziň maglumatyny ýa-da olaryň hereketleriniň hasaba alyş žurnalyny açmak üçin ähli ýuridiki hereketlere böwet boljaklar.

 

Maslahatlar

Gözegçiligiň astynda ýöreýän ýa-da ugradylýan maglumatyň doly howpsuzlygyny üpjün etmeýän ýagdaýlarda bolýan, bu saýta habarlary ugradýan hukuk goraýjylara anonim bolmaga ýa-da hakyky ady bilen hiç haçan deňeşdirilip bolmaýan lakam adyny ulanmaga maslahat berilýär.

Ondan başga-da, biz bilen maglumatlary şifrlemek üçin programmanyň (GNU Privacy Guard, GnuPG) üsti bilen şifrlenen elektron poçta boýunça aragatnaşyk saklamagyňyzy maslahat berýäris. GnuPG üsti bilen habar ugradyjy şifrlenen maglumaty ugdaýar, habar kabul ediji bolsa şifri açýan açary (PGP açary) ulanyp bu maglumaty okap bilýär.

 

GnuPG boýunça goşmaça maglumat (iňlis dilinde).

 

Biziň PGP açarymyz:

12346567890123465678901234656789012346567890123465678901234656789012346567890123465678901234656789012346567890123465678901234656789012346567890123465678901234656789012346567890123465678901234656789012346567890123465678901234656789012346567890.

 

Brauzeriň taryhyna degişli hukuk belligi

Aralyk setleriň Siziň girip çykýan saýtlaryňyz barada maglumaty saklaýandygyna we,kompýuteriňizde şpion-programmanyň ýerleşdirilen ýagdaýynda, Siziň okaýan we ugradýan maglumatlaryňyzyň beýleki adamlar tarapyndan okalýandygyna üns bermegiňizi soraýarys.

Ekektron maglumatlaryň döwlet gulluklarynyň girmeginden goranylyşy barada bu makalalarda goşmaça okaň: