Barada

Merkezi Aziýadaky Deň hukuklyk platformasy barada

Merkezi Aziýadaky Deň hukuklyk platformasy aktiwistlere, ýuristlere, žurnalistlere, alymlara we beýleki gyzyklanýan şahslara Merkezi Aziýada hukuklary kemsidijilik baradaky giň göwrümli habarlary berýär. Dürli habar çeşmelerinde çap edilen täzelikleriň we makalalaryň bir ýerde ýygnalyp durmagy bu regiondaky we onuň daşyndaky aktiwistleriň hukuklaryň çäklendirilmeginiň mysallary we hukuklary kemsidijiligiň öňüni almakda täze usullar barada gowy habarlylygyny üpjün edýär.

Doly aýdylanda, platforma aşakdaky niýetler bilen, ýagny:

  • Regiondaky aktiwistleri habarly etmekligi gowulandyrmak üçin;
  • Deň hukuklygyň, hukuklaryň çäklendirilmezliginiň we adamyň hukuklarynyň ugrundaky halkara standartlary barada habar bermek üçin; şeýle hem
  • Regionyň daşyndaky aktiwistleri hukuklaryň çäklendirilmeginiň mysallary, olaryň ululygy we görnüşleri barada habarly etmek üçin döredildi.

Hukuklaryň çäklendirilmeginiň görnüşleri

Merkezi Aziýadaky Deň hukuklyk platformasy din, etnik degişliligi esasyndaky hukuklaryň çäklendirilmeginiň ýüze çykan ýagdaýlaryna aýratyn üns berýär, şeýle hem saglyk ýagdaýy, sosial-ykdysady statusy, jyns, seksual degişliligi, gender deňdeşligi we beýleki ýagdaýlar ugrundaky hukuklaryň çäklendirilmeginiň mysallary barada habar berýär. Peýdalanyjylyk gözleýşini aňsatlaşdyrmak üçin, platformadaky ähli habarlar hukuklaryň çäklendirilmeginiň ugruna görä birnäçe topara bölünýär. Habarlar toparlarynyň doly sanawy platformanyň baş sahypasynda ýerleşdirilýär.

Adamyň hukuklarynyň bozulmagynyň üstüni açmagy kömek ediň!

Merkezi Aziýadaky Deň hukuklyk platformasy hukuklaryň çäklendirilmegine garşy göreşe we deň hukuklyk taglymynyň öňe sürülmegine gyzyklanýanlaryň ählisini platformanyň resurslarynda habarlary ýerleşdirmek üçin sargytlaryny bermäge çagyrýar.

Sargytlar hem täze habarlar, hem öň çap edilen habarlar üçin kabul edilýär. Ähli habarlar moderator tarapyndan barlanýar, ol sargydy ugradan adama sargydynyň kabul edilmezliginiň sebäbini aýdyňlaşdyrmak bilen, haýsydyr bir sargydy kabul etmezligä haklydyr.

Sargydy edijiler her bir ýurtda ýaşap habarlary çap etmek üçin sargydyny rus dilinde, şeýle hem iňlis dilinde bermeli. Habary şu taýda hödürlemek bolýar.